Deňe-deňlik

Ol esasy gurjakçydy,
ýokardady hemmelerden,
pul ýasamak çep elinden,
barmagyndan gelýärdi,
gulagyndan akyp durdy ideýa,
kim bilen gürleşse, 'baý' diýen bolup,
öz ýanyndan ýaňsa alyp, gülýärdi.

Ol esasy hojaýyndy,
akyllydy deňsiz-taýsyz,
millet garyp uçdantutma,
ýeňiýoluk, a ol Lenin,
şol bolmasa galjak baýsyz,
bilýär ähli meseläniň çözgüdin,
bir şerti bar, hemme hammal bolmaly,
ol ýokarda hemişelik galmaly.

Ol esasy gurjakçydy,
emma bir gün gurjaklary
gurjak etdi özüni,
iki şaýy kömek sorap,
ak tam edip ýüzüni.

Ol esasy gurjakçydy,
belki, ahyr düşündi,
gurjak oýny oýnalýarka
bolmaýar hiç esasy;
bu gün gurjak asy bolsa,
ertir asy ussasy...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024