Durmuş kanuny
Sen adamy ýüzün görkezip çala,
diňe öz diýmeli sözün diýdirip,
artyk sözün kesip-biçip, tämizläp,
diýmedgin başga birne aýtdyryp,
sahnaň arkasynda saklap bilmersiň,
wezipe gürleder adamy hökman,
dilin tutsaň, başga ýerleri bilen,
ýa-da erkinlige çyksa bir pursat,
sözüň azatlygy aýlap başyny,
ylgap çykar il öňüne ýalaňaç,
tanadar kimdigin ula hem kiçä,
sen adamy bukup saklap bilmersiň,
akylly ýa samsyk, tapawudy ýok,
kesip-biçip, owadanlap her sözün,
wagty gelse, özi çykar-da orta,
açar ol ne bolsa hakyky ýüzün.