Türme sapagy
Belki, adam etmese-de jenaýat,
ömründe bir gezek görmeli hökman
türme näme, onuň sakçylary kim,
başlygy kim sakçylaryň iň uly,
biler ýaly, tanar ýaly ýaşlykdan,
uçup gezmez ýaly howadan düşmän,
döwletde ýa adamlaryň içinde,
namazly, täretli, pylan-pismidan,
ýaşaýaryn diýip, arkaýyn bolup,
a soň etmez ýaly doglanna puşman,
bir käse suw näme, ýa näçä durýar,
ýa-da açyk howa, on-on bäş minut,
ýa-da hajathana, ýazylar ýaly,
neden adam birden garalap özün,
kameraň öňünde başlaýar saýrap,
ýa-da ak sakgally gojalar erkin,
ýaş ýigitler, gyzlar, ertirki ene,
hökümet öňünde tans edýär ýaýrap,
türmä düşseň, düşünýärsiň dessine,
hem ölmeseň, çyksaň, aklyň gözüňde,
nirede aam adam, nirede hatar,
görüp dursuň gözüň açmazdan hatda,
ýüreginde başga, dilinde başga,
bilýäň agzyn açsa, nirede satar.