Dermansyz dert

Birleri deňizden, daglardan geçip,
goşun çekip barýar ýat ile hemem
gyrýar gowy bir ýaragsyz milleti,
milletleri, açylansoň işdäsi,
gahryman ol, ölse yzynda uly
sütün dikip, heýkelini goýýarlar,
sebäp milletiniň köpelen puly,
giňelen meýdany talaýan, çapýan;
beýlekisi, gämisi ýok, güýji ýok,
goşuny ýok başga ýurda çozara,
öz ilini çapýar KGB bilen,
kesbi-käri terror bolan,
hem gahryman bolýar beýik,
başga halky çapan ýaly, heýkelin
dikdirýär ýokarda, gözüň gitmeli,
ne öňi bar, ne soňy bar, hassalyk
goýbermez hiç, bile ýaşap, ötmeli.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024