Sadaka ýykgynçylygy
Ozalky kommunist, indi ýaşuly,
sakgaly bar ýapyp duran döşüni,
hudaýýoly bolsa, sadaka bolsa,
hezil edip gidýär çarhlap dişini,
ilki durup aýnaň öňünde mäkäm,
guwanyp, buýsanyp telpegine kän,
şükür, birinji hem sadaka söýdi,
ikinjisem şeýle boldy bagtyna,
baş metjitde hemem mes üçin diňe,
ýygy-ýygjam gurat mallar kesildi,
iýildi, içildi, doga edildi,
diňe birniň saglygyna, elbetde,
diýip alla çytdyrmasyn gaşyny,
arasynda ili agzap çalaja,
a çopan, malynyň gowusy alnan,
arryk goýun bilen guzy planyn
dolup bilmän bergä batan obada,
ýandak bilen sylsyn gözde ýaşyny.