Pakyryň biznesi

Ol ozal birine sögdi, gargady,
oturan ýerinde, turan ýerinde,
çagyrylan, ýöne baran ýerinde,
adyny dilinden goýmady onuň,
unudyp bilmedi uçsa asmana,
şonuň ady boldy aýdany gonup.

Ýagyş ýagsa, gar ýagsa-da şondandy,
ýagmasa-da günäkärdi ol adam,
gurak gelse ýyllar, mallar gyrylsa,
ýa birisi gyşyk basyp, urulsa,
şol günäkär, başga günäli ýokdy,
ol garady, başga hemmeler akdy.

Ol öldi, başgasy geldi ýerine,
ýene gaýtalandy şol agyr ýagdaý,
düzgün diňe saklanýardy kagyzda,
iň uly ogrynyň sözi kanundy,
aýdany öňünden gidýärdi kişiň,
günbe-günden gaýdyp milletiň işi.

Ol ozalky günäkäri taşlady,
ýa ikinji orna geçirdi birden,
sögmäge başlady täze gelene,
ýagyş ýagsa, gar ýagsa-da şondandy,
ýagmasa-da günäkärdi ol adam,
ýyllar barha gataýardy, doňýardy,
kim baýaýar, kim gum ýalap oňýardy.

Dogry, diňe birin günäkär saýýan,
bir eşegi taýaklaýan ýeke däl,
eşek ölýär, tapýar olar başgasyn,
gygyrýar ýene-de, öňki gykylyk,
şol öňki galmagal, gulak asýan bar,
meger özi ýaly ýa-da has aşak,
biri jaýdy adamlaryň pagsadan,
beýlekisi üstün ýapjak derekdi,
pikir etseň, biznesi bu pakyryň,
olar bir-birine gaty gerekdi.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024