Milli aýratynlyk
Olara hemme zat birden gerekdi,
hemem biri bermelidi getirip,
alla, hudaý ýa-da döwlet diýilýän,
ýa-da eli açyk biri,
Karun ýaly baýan birden,
ýa bank uran, gazna uran,
nirden aldyň diýjek däldi,
bol gerekdi iýilýän.
Olara hemme zat birden gerekdi,
ýa-da gerek däldi hiç zat,
oturjakdy gol gowşuryp,
nasyn atyp, çilim çekip,
arak ýa-da piwe süzüp,
tirýek, gerre, gaýdymy ýok,
dili bardy bir gulaç täk,
aýdym aýtjak, tans etjekdi,
gülen boljak ýalan gülkä,
indi, meger, geljek ýerine geldi,
gaçyp çykýan, çykjak bolýan köpelýär,
nirä barsaň, ne hünär bar, düşünje,
hondanbärsi, çykar öňüňden entäp...