Ýalan ýaşaýyş

Başga biri herne diýse adama,
tana ýa-da tanama kän,
garalasa, ýaralasa ynanma,
delili hem bolsa käte ýeterlik,
hamala barlanan, ýer ýok gidere,
berme özüň, ýüregiňi hedere,
sebäp adam adam bolar,
kemter gaýdar, öte geçer adatça,
emma pursat döräp birden,
adam öz-özüni açanda seret,
seniň özüň urup, gaçanda seret,
tassyklar ol bilmän gara pälini,
özün inkär eder öz işi bilen,
başga biri herne diýse adama,
garalasa, ýaralasa ynanma,
düzüw däldir etegine daş salan,
bu gün bolar, ertir bolar, howlukma,
adam açar özün ýaşasa ýalan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024