Terrorçy döwletiň kynçylygy
Döwlet bolsaň aňsat eken terrorçy,
milleti ýüz ýyllap döwülen ýurtda,
hemmeler bilýärkä kanun we kada
biderek söz, diňe kagyz ýüzünde,
ojarsyz ot ýakyp bolar emgenmän
çem geleniň gözünde.
Agzyny açany at-da türmäňe,
iki agyz gulagyna pyşyrda:
ene-ataň, çagalaryň bar yzda,
a ýokarda hudaý, alla-malla ýok,
öňem boldy kän çagyran, gelmedi,
ýerde men bar oňa derek edenli,
diýenmi et, etmejek bol edenmi!
Gaçany yzyndan garala ýa göm,
ýazyjy-şahyry, atly ýa atsyz,
wezipeli boljak bolýan hemişe
küşgür, diý diýeniň goýmazlar kemin,
döwlet bolsaň aňsat eken terrorçy,
ýöne dynç ýok, rahatlyk ýok ýaly,
gelip-gidýän wagty demiň...