Uzak aralyk
Özi öz-özüne dahylsyz millet,
özi öz sözüne dahylsyz millet,
akylyna, nakylyna dahylsyz,
dahylsyz ol geçmişine, düýnüne,
geljegine, şu gününe dahylsyz,
arasynda akyllysy bar ýogsa,
aga-gara düşünýäni gürletseň,
ýöne olar başgalardan gabanýar
diňe ýurduň içini däl, daşyny,
daglary we ummanlary aňyrsyz,
eli ýetse, tutjak, atjak öldürjek,
dili ýetse, garalajak, ak ýeri,
abat ýeri galmaz ýaly sähelçe,
haýpyň gelýär hemem gülýärsiň ajy,
käte aralygy aňyňda ölçäp...