Güňe goşgy okap berme
Güňüň gulagyny gazamaňy goý,
goşgy, gazalyňy okama ýanda,
aýdym aýdyp berme, sazyňy çalma,
eşider we bir gün başyn galdyrar,
hemem görer gözde ýaşyň,
has dogrusy gözýaşyny ýüregiň
diýip umyt etme ýalan,
ylalaş, kabul et reallygy,
sen oňa gerek däl, zerurlygyň ýok,
ol başga barlykda ýaşaýar senden,
ýöne goýma sözüň bolsa diýmegi,
adymyňy, sazyň kesiji bolma,
gelýän bolsa ýüregiňden, beýniden,
daş çeşmesy ýaly syzýan gözbaşdan,
emma güňdan uzakda dur başarsaň,
aýlanyp geç görseň öňüňde daşdan.