Sen özüňde durmuşy gör
Sen öňüňde durmuşy gör,
hala gündiz, hala gije,
tüm içinde, ýolda çyraň
ýeten ýerin görşüň ýaly,
sen yzyňda durmuşy gör,
geçen hemem dowam edýän,
galman gelýän yzyňdan ýa,
sen sagyňda durmuşy gör,
sen soluňda durmyşy gör,
hatda seret ýokaryňa,
güneşde ýa ýagyşly gün,
durmuşy gör ýokardaky,
kim nähili ömür sürýär,
ýa-da geçip barýar ýöne,
ýa näme bar başga hili,
hem özüňde durmuşy gör,
günälemän ilki ili.