Unaş meselesi
Öň oglandyň, ulaldyňmy indi sen?
Başgalar ölende uzak ülkede,
yzyndan sögülen, dönük diýilen,
olaryň yzynda ýokmudy galan,
aglanlar ýokmudy gijeler sessiz,
cagasyndan gizläp gözde ýaşyny,
a çagasy başga otagda aglan,
umyt etmek gowy, hiçden giç ýagşy,
oýanjak bolýansyň, belki, gaflatdan,
ýa gijeýär ýeňillikli ulanan
gazyň ýeri, toguň ýeri, bilmedim,
oturjakdyň ahyr uruş bolmasa,
asmanymyz açyk bolsa bes diýip,
akyllydyň, köp bilýärdiň, gülýärdiň,
emma uruş bardy, barýardy açyk,
gara bulut tutmasa-da asmany,
ýurduň talanýardy, il talanýardy,
iki-ýeke ölýän watandan gaçyp,
seniň nazaryňa ilerli däldi,
dogry, bu gürrüňler artykmaç indi,
ölen öldi, galan galdy diýersiň,
ýa diýersiň, goý, galanlar ölmesin,
garşy däl, ýaşasyn çörek tapsalar,
ýöne ony gazanmaly öňürti,
diýmek, kelle gerek egniň üstünde,
diňe gelşik, görüm-görmek üçin däl,
egmäge däl günde kanuny ogra,
işletmäge, ulanmaga günde bir,
iki gezek iň bolmanda ýaltansaň,
ýogsa bilýäň, bolmaz uzak unaşyň,
besdir, otuz ýylda bir gezek oýlan,
gözüňi çykarma bejerip gaşyň,
indi beri öz kelläňi ýarmasyn,
aýlap ilden salan daşyň.