Arzuw
Şükür, gadagan däl arzuw etmeklik,
o ýerde birisi turmaly diýýär,
bu ýerde birisi turmaly diýýär,
biri adyn gizläp gürlejek bolýar,
biri ýüzün gizläp arlajak bolýar,
beýlekisi ýüzün açýar, görsene,
ady-da bar, iki tarapyn deňlän,
gaýyklary ýa-da köprini ýakan,
näme boldy bu millete diýýärsiň,
ýa gutardy gaz, suw, mugtuna akan,
ýa nirdedi olar on ýyl mundan öň,
ýigrimi ýyl ozal, ýomut ýa teke,
başyn alyp çykyp, ölýärkä ýeke,
ýa ýaşlarmy, agzysary hem asan,
aňsat bolar öýden ýaşaýyş şeýle,
ene-atalary bukulan, busan,
ýurt talanýan wagty, KGB batyr
hapa aýkgabyn basyp ýüzüne
Aşgabatda ýok edýärkä ärleri,
o ýerde birisi turmaly diýýär,
bu taýda birisi barmaly diýýär,
yzda kim-kimlere taşlanan ýurda,
käşgä turup bilse, baryp bilseler,
bolman urşa girmän ýeňilen orda...