Beýik pidakär hakynda kiçijik ballada
O pahyryň duşmany kän,
hemmesi-de güýçli örän,
eger barsa hassahana,
gan tabşyrsa, ýa tabşyrsa peşewin,
ilki şolar alýar analizleriň
netijesin göni iki nusgada,
adamdan haýyr ýok, gelmese hudaý!
O pahyryň duşmany kän,
haýpym gelýär, gynanýan,
öň ýurdunda goýmadylar,
gaçyp çykdy watanyndan,
çünki adalaty söýýär ýürekden,
özi halal, sözi halal gürlese,
emma köpler ynanmaýar sözüne,
hem üýşenýär gözi düşen gözüne.
Ýöne munuň hiç bildirýän ýeri ýok,
işleýär ol, gije-gündiz durmaýar,
çöp-çalamyn aýryp, kakyp üstüni,
hakykaty çekýär çukurdan daşa,
zyňylsyn ýa özi ýykylsyn içip,
besdir diýip, alla, ýadadym, ölýän,
arman onuň edenini az bilýän.
Dogry, ozal kändi pikirdeş, ýaran,
şindi hem bar bäşlek-üçlek yrylýan,
kän bukulyp, meçew berýän dogrusy,
emma ol hiç darykmaýar, armaýar,
çalyşýar hak üçin, hakykat üçin,
niýeti milleti göçürmek hökman,
ilki özi ýüwrüp, öňürti göçüp.
Şu arada göçen, göçjek köpelýär,
bereketi gaçyp, ýykylýar ülke,
ýurtbaşy, häkimýet öwrülýär gülkä,
bu gidişde, belki, galmak kyn uzak,
arman onuň duşmany kän sanardan,
ugran ugry kileň gapanmy-duzak?
O pahyryň duşmany kän,
üstesine güýçli örän,
günde näme iýenini,
içenini bilýär olar,
nirde kimi ogşanyny,
guçanyny bilýär olar,
ýa-da kimi urup aglap,
gaçanyny bilýär olar,
diňe bilip oňmaýarlar,
düşürýärler wideo-da,
getireris diýip dada,
emma ol hiç çekilmeýär,
diri ýanyp ýanar oda.