Şöhrat betbagtçylygy

Ýaraly gaplaňdyr şöhrady alnan,
has-da boldan ýygnan maly, baýlygy,
gapy gullaryny ýitiren bende,
ýitiren ýol-yzda ýallaklaýany,
üzeňňiden üç-dört geçmäge taýyn,
kürsüsinden taýyp birden,
äge bol, getirme gaty golaýa,
nebsiň agyrmasyn ýykyldy diýip,
ýa aglasa, syljak bolma gözýaşyn,
giç bolar göreniň maňlaýyň ýarsa,
ýeňiniň astynda ýygşyran daşyn.

Ýaraly gaplaňdyr şöhrady alnan,
hiç töhmetden, myjabatdan çekinmez,
ogurlyk, jümürlik iň bärki pişe,
çekilmez ol yza, ýarasyn ýalap,
gan ýitirdim diýmez, gorkmaz ölümden,
wezipesi bolsun ýa-da bolmasyn,
eden ýagşylygyn diline çolap,
çemine garaşar aklap özüni,
delfinler dek ägä bolar gije-de,
açyp ýatyp ikiden bir gözüni.

Ýaraly gaplaňdyr şöhrady alnan,
ýigrim ýylda, otuz ýylda köşeşmez,
düşüşmez ol, baha bermez özüne,
kemçiligin ýa-da ýalňyşyn görmez,
emma ýatsa hökman görer düýşünde
uzaga çekmedik şöhrat-şanyny,
oýnaşyny hiç näzinden doýmadyk,
adam ýaly ýaşap bilmez ýeke gün,
adam bolman ýere berer ýanyny.

Ýaraly gaplaňdyr şöhrady alnan,
hyýalynda arslan bolar, şir bolar,
öýünden çykmasy hal bolsa bolsun,
ugraman duşmanyň kellesin alar,
haýpyň geler ata-baba at münüp,
gylyç gemrip, läş ekilen meýdana,
meger şondan aýal, erkek, ýaş çaga
entejik kän uzak zar bolar nana...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024