TW terrorynyň öňündäki seçgi

Biri gitdi, gargadylar yzyndan,
döwlet TW-sinde, baş başlyk başlap,
top atan dek, agyr sözler atyldy,
ýaralady het edeni,
enesin hem atasyny agyrdyp,
gazetlerde galdy, taryha girdi,
palta bilen çapyp bolmaz,
sebäbi aýdypdy sebäbin adam,
hasratyny, derdin, dadyn,
il-ýurda abanan gara buludy,
emma ile gerek däldi hakykat,
gaz gerekdi, tok gerekdi mugtuna,
okuw, bilim, gerek däldi ýagtylyk,
ýa ýagty pikirli ogullar, gyzlar,
soň başlandy başagaýlyk,
çagasyny alyp gaçdy başaran,
başarmadyk ýat illerde ýer sermäp,
pul iberdi iki şaýy yzyna,
döwüm çörek üçin ogul-gyzyna,
dymdy döwlet, iň bolmanda TW-de
öňküsi dek gargamady,
sessiz gezen gargyşlardan azatdy,
gazetlerde galjak, çapyp bolmajak,
söz aýdanyň gargadylar yzyndan,
dymyp ölýär hiç bir gargyş almajak.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024