Ürkek pahyr
Atlar bilen didarlaşdy o pahyr,
itler bilen didarlaşdy o pahyr,
gözel, gymmat maşynlara atlanyp,
dikuçarda gezim etdi, aýlandy,
gämi mündi, tüpeň atdy,
pyçak zyňyp güýmendi,
arasynda aýdym aýdyp, saz çaldy,
tigir sürdi bir-birinden üýtgeşik,
alynan däl kakasynyň puluna,
jübüsine girip garyp milletiň,
iň gymmadyn saýlap aldy uçardan,
atlar bilen didarlaşdy, doýmady,
itler bilen didarlaşdy, doýmady,
emma adam bilen didarlaşmady,
garap biljek göze göni,
sebäbi hiç sözi ýokdy aýdara,
ýüzi ýokdy seredere, ogurlyk
adam sypatyny goýmandy birçak,
eger olar ýüzün sallap durmasa,
başyny egmese aşakdan-aşak,
ýa dyza çökmese aýal hem erkek,
ol adamy görüp biljek däldi hiç,
boljak eken, alla, beýle-de ürkek.