Agyry aýyrýan derman

Kinodaky ýaly uruşgan bolsaň,
dogrulary türmä basýan döwletiň
ogry baştutanyn ursaň, uşatsaň,
ýaraglaryň bolsa oňkudan güýçli,
ýa-da oňa ýarag satýan döwletler,
ösen hemem öňde barýan,
adam hukuklaryn sylaýan diýýän,
hem sylaýan bolman azajyk gowy,
ýaraglaryn berse saňa mugtuna,
üstesine nöker berse ýanyňa,
kagyz berse möhürli ýa peçatly,
ogrulara garşy göreşmek üçin,
şu ýigide bar ygtyýar berildi,
basmaçy däl ol diýip,
arman kino kino bolýar,
durmuş bolsa şol bir durmuş,
ýöne kinoçylar gazanýar aldap,
umyt berip ýalan kileň,
agşam görüp bir uruşly kinony,
gowy ýatdym özüm bilen.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024