Güýçsüzlik
Oglan diýdi utandyrýan ýaşula,
ýüzüne urýana kiçeltjek bolup:
Sebäbi men geldim Türkmenistandan!
Düşünjege ýeterlikdi bu sözler,
emma iliň aamlygynda pul ýasan,
ýene-de ýasajak bolsa, başarsa,
hem ynanyp özün asmandan asan,
biljek däldi bu jogaba düşünip,
çünki aç däl, günde iýýärdi süýji,
ak girse-de, aň girmedik adamyň
tä ölýänçä toba ýetmeýär güýji.