Minnetdarlyk goşgusy
Men başymy aşak-aşak egýärin,
agyr günde, agyr pursat, sagatda
arkamda durana gorka-da bolsa,
bolmanynda bugdaý sözün aýdana,
türmeden, sürgünden geçemde ýalňyz,
çagalarym bilen ýüregi ýara,
hemem ýürek bulanlara uzakdan,
bukulyp, keseden heşelle kakyp,
ualaltjak bolana döwlet töhmetin,
üstüne agramyn atyp birleşip,
ýüregin agyrdyp ejem, kakamyň,
mugt däldigini, bolmajagyn hiç haçan
düşündirip her gün adam hakynyň,
olar maňa durmuş näme öwretdi,
millet näme, adam alasy näme,
indi az-da bolsa bilýärin hetdim,
kim kürekçi, kim ýük bolýar bu gämä.