Siňegiňi goramasaň

Siňegiňi goramasaň, kim bolaý,
nirede bol, haýsy kürsüde otur,
ýa-da dyrmaş ýokarlaryk ýallaklap,
syýasy düzüwlik edip şygaryň,
ýa-da garyp-pukara hem obaly,
esasy şygaryň çaý bilen ýörek,
hemem asmanymyz arassa bolsun,
näme bolsun, emma uruş bolmasyn;
çybyn-çirkeýiňi gorap bilmeseň,
ürküzip bilmeseň gögeýinleri,
arylary, eşegary, balary,
ýa başga bir ary, tapawudy ýok,
tüýt-müýt edip, ýüzüň-gözüň iýerler,
a soňundan, gowy bolsa, yzyňdan:
Wah, neresse, irräk gitdi diýerler.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024