Hasrat we sen

Hasrat senden uludyr,
uludyr ol maşgalaňdan,
aýaldan hem ärden durýan,
çagalaňdan, näçe bolsun,
senden başga adam eýýäm,
sen aglarsyň ejeň üçin,
kakaň üçin arasynda,
ese-boýa getiren,
kitap beren elleriňe,
kelam beren dilleriňe,
emma seniň agyň diňe özüňki,
eger biri hasratyňa düşünse,
ýaş aýlasa gözlerine aglaňda,
pikir etme, seniň üçin aglýar,
çünki adam başga biri ölende,
öz ölüsin ýatlap, galarmyş mydam,
hasrat senden uludyr,
gaplap olar daşyňy ol, sypdyrmaz,
näçe uzaklaşsaň, şonça-da agyr,
belki, özüň ölüp, ýitip gidýänçäň
sen onuň içinde ýüzmeli öňe,
gejçek bolýan ýaly däli derýadan,
gark boljagyň bilip diňe.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024