Manysyz erkinlik
Adam türmä düşende,
töhmet bilen, goly ganly döwletiň
zyndanynda aç-hora ýatanda aýlap,
döwlet ärleriniň köňli dek hapa,
hajathana gatnap, taýak astynda,
iki gezek sutkada,
çagalaryn har-zar edip yzynda,
onuň azatlyga çykasy gelýär,
garaşýar ol güne her gün, her sagat,
çykýar bir, gaçýar türme-watandan,
hamala şeýdende gutuljak ýaly,
emma türme onuň içinde galýar,
çykmaýar hiç, ýa çyksa-da gitmeýär,
yza çekýär günde agşam, ir säher,
götermeýär göwnüni oň hiç goşgy,
ýa tangosy başgalaryň owadan,
ýa-da kaşaň, köp adamly, goç şäher,
watanyň, milletiň türmede galsa,
manysy ýok azat bolmagyň, belki,
çünki her gün iýen-içeniň zäher.