Hudaýyň öldürilişi
Arkasynda döwlet durdy olaryň,
ilki bir adamy urdular üýşüp,
dişini döwdüler, döwdüler äňin,
başgasynyň gapyrgasyn döwdüler,
boýun alar ýaly neşe söwdasyn,
ýa-da adam öldürenin,
öldürmedik bolsa-da,
ýa-da töhmet atar ýaly dostuna,
doganyna, kärdeşine, özüne,
durmuş gerek bolsa indiden eýläk,
ýene birniň ýumurdylar jaýyny,
maşynyny, maly-mülkün aldylar,
arasynda iç-içine depdiler,
dogry, içlerinde namaz okaýan,
ynanasy gelýän bardy hudaýa,
ýöne arak, şerap içýärdi bary,
neşeden, zynadan gaýdany ýokdy,
imanlary ýokdy, gepiň gysgasy,
diýmek, jogap bermek aladasy ýok,
sebäbi baş başlyk şeýle adamdy,
bilýärdiler kim ol, näme,
käte birin, ikisini göz edip,
iberse-de jähenneme,
özlerine gezek gelmeli däldi,
çünki gulluk edýärdiler ýürekden,
başlyk bilen bir gaýykda, kürekli,
ilki bir adamy urdular olar,
soň beýlekiň çykardylar gözüni,
aýtjak bolan sözüni.
Urulanlar öldi ýa-da ölmedi,
ýa-da ölmez, gülmez boldy,
bu mesele däldi asla,
esasy mesele jan berdi hudaý,
alla öldi adamlaryň içinde,
iman ýa-da ynsap diýlen erteki,
ene süýdi bilen giren,
oda uran kebelek dek çürüşdi,
a galany wagtyň, sagadyň işi,
parhy bolmaz kim aňlady, kim düşdi.