Gurluşyk derdi
Hakykat: çilimin, nasyn goýýan bar,
goýýanlar kän tirýegini, gerräni,
aragyň, şerabyň gürrüňi-de ýok,
böregi, çöregi goýýar adamlar,
etden, ýagdan elin, agzyny çekýär,
öljegine gözi ýetse, elbetde,
ýöne agzyň tagam tapan,
jübiň bilen bileje,
gizlin hazynaňy çişiren çensiz
gurluşygy goýup ýa-da azaldyp
bolarmyka, muny bilmeýärin men,
emma synanyşmak bolar gyssansaň,
sürüp oýnan, çaga ýaly guwanan,
maşynlaryň satýan wagtyň bazarda,
hemem çaýkanýarka dünýä,
aklyň bolsa jüýjäňki dek bir aýlyk,
ulanmaly, bu belli zat, başarsaň,
paýlamaly ogurlanyň, alanyň,
alyp gidip bilmejegiň baryny,
ogluň-gyzyň ogurlany kän bolsa,
özüne ýeterlik, artyk, belki-de,
baýlyk el kiridir diýýärler, dogry,
ýa dünýe bulaşsa, otlanan küde!