Bidöwlet döwlet
Seni tutup bilmese,
seni atyp bilmese,
öldürip bilmese daşdan zäherläp,
ýa çekinse, elin, dilin saklasa,
pikir etme namart döwlet
gaýtdy diýip pälinden,
unutma oň türmesini, zyndanyn,
jellatlaryn aç hemmesi,
ogurlaýan ähli zady,
sabyndan gawuna çenli,
iň bol zady Tejeniň,
unutma hiç, öldüreni
kakaňy hem ejeňi!
Bilýäň, iliň hökümetden
çekenini, çekjegini,
her gün urşa giren ýaly,
döwüm çörek ugrunda,
a köçeler, edaralar
talaňçydan hyň berer,
gan algysy galan ýaly,
arkasyny diräp gara döwlete,
alar elde baryn garyp, pakyryň,
üstesine bergi, borja batyrar,
aç döwleti, hökümeti doýran ýok,
ol özüniň hemem iliň,
içinde seň doganlaryň
diňe bagtyn ýatyrar.