Azar

Maňa eje, kaka sözün diýmek kyn,
düşünersiň muňa diňe
öz başyňa düşse, geçse içiňden,
ýüregiňi dilip, gyýyp,
hem gitmese agyrysy hiç haçan,
bir gije-de, bir gündiz-de,
öldürmeseň özüň iş bilen urup,
içiňden, elbetde, her minut işläp,
kemsidilmä garşy daş diwar gurup.

Maňa eje, kaka sözün diýmek kyn,
sebäbi giden günleri
ýanlarynda bolmadym,
bagyrmadym yzlaryndan,
arka diräp obama,
egnine alan olary,
bir pil gumum ýetmedi,
keseki däl, özümiňki,
hökümet durdy öňümde,
hyzmat etjek hökümetim,
il-günüme hossar diýip,
hossar diýip arasynda özüme,
emma ol hak sözüň öňünde durdy,
hakykaty depeledi her günde,
ili bilen ýere sokup, basgylap,
tanky bilen, topy bilen öwündi,
türme, töhmet bilen basdy egnimden,
özümden öň, meger, göwnüm döwüldi.

Maňa eje, kaka sözün diýmek kyn,
olar maňa halal çörek iýdirdi,
öwretmedi ogurlygy, talaňy,
hudaý, alla diýen bolup ýalandan,
azgynlygy öwretmedi,
şonuň üçin başym gowgaly boldy,
azgyn kommunistiň alan ýurdunda,
ilki ejem, soňra kakam terk etdi,
zulum, sütem, soňy gelmez kemsitme,
azar etden ötüp, süňküme ýetdi...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024