Türkmen bolsaň
Ýat illere çyksaň, yzda aýalyň,
çagalaryň, ene-etaňy goýup,
doganlaryň gözi ýolda, garaşsa,
syýasat däl iş-aladaň hiç haçan,
adam hukuklaryn goramaýarsyň,
ýa ýazjak däl hakykaty, daş etsin,
bar aladaň çörek ýa ekmek puly,
bolman hökümetiň, KGB-äň guly,
emma ýene zäherlese özüňki,
keseki däl başyň aýlap gep bilen,
iki aldap, üç-dört gaçan,
ýeňil, agyr ýaralap hem oňmasa,
öldürse toparlap, onlarça, alla,
siňe gyran ýaly, üýşürip, toplap,
türkmen bolsaň, ynanmaly sen kime,
ýa-da indi nirä gaçmaly, walla?