Näkesiň näkesi
Sen bir gedaý, elin, ýüregin serýän,
hökümetiň türmesinde, zyndanda,
dilegiň adalat, çörek ýa suw däl,
türme bulamagyn itýärsiň yza,
açlyk yglan edýän diýip, gülýärler,
sen döwletli bolmak isläpdiň örän,
kanunlary az-da bolsa işleýän,
emma millet birçak çökerlen dyza,
bilýär bu ýer o ýer bolmady, bolmaz,
adalat hiç haçan gelmedi bärik,
görünmedi, seretmedi daşdan hem,
gapyň yşygyndan seret, sereteme,
ol entejik bärik gelmez, aýlanmaz,
senden başga hemme düşünýär muňa,
şonuň üçin soramaýar o zady,
özi ýansyn ýa-da eziz zürýady,
dişlerini gysýar, çekýär, çydaýar,
başgalary satýar öýüni, malyn,
hatda namysyny, kän baha kesmän,
ýamandan başyny satyn almaga,
emma sen isläňok beýle durmuşy,
ýaşamak isleýäň özüňi basman,
ýa taşlaman başga aýak astyna,
ölesiň gelenok görüp, ynanyp,
adalatyň ýokdugyna,
ýokdugyna azatlygyň, adamyň
guldugyna mydam eli gelene,
baş egmeli ölene.
Ýöne bagtyň çüwýär, gaçýarsyň bir gün,
başyň alyp, watanyňdan, iliňden,
yzyňdan birisi gelip bilmejek,
ýa çala tarapyň çalyp bilmejek,
türmä düşseň, işden, güýçden aýrylyp,
türme gapysynyň deşigi ýaly,
seni sakçylara satyp gün görýän,
deşige öwrülip galman maýrylyp,
emma habar gelýär, doganyň ýanýar,
zeýrenýär köçede kim duşsa ilki,
sen sebäpli ogullaryn ýa gyzyn
ÝOJ-a ýerleşdirip, diplomly edip,
has dogrusy, adam edip bilmändir,
jübüsi diplomly, stol eýesi,
sen adalat isläp, dogan-gardaşyň
ýere sokan näkesiňem näkesi...