KGB-niň işi

Döwlet bolan güni iň uly ogry,
iň uly işdämen, iň uly horan,
kiçi ogrulary iýip biruçdan,
biri-birne garşy goýup, uşadyp,
kimi utandyrjak içerde, daşda,
öz başyňy özüň iýmekden başga...

Üstesine, bas diýilen KGB,
her gije düýşüňde yzyňdan geler,
göz öňüňde gynap öldürer ejeň,
hassa eder ýalňyz galan kakaňy,
dyzyna galmaga galmaz ysgyny,
doganlaryň ýesir, döwüm çöregin
gazanjak bor günde gara gaýgyda,
inileriň iteklärler çukura,
birini okadyp, birin okatman,
tor gurarlar maşgalaňa, aýgyda
gelmez ýaly gaýdyp dagy-duwara,
döwlet näme, iň bolgusyz ýazyjy,
ýa-da şahyrsumak iýer başarsa,
bagyşlajak bolmaz 'tankytjyk' etseň;
gaty görme döwletden soň hiç zady,
eli ýakaňdadyr ölseň ýa ýitseň,
gelerler yzyňdan haýsy ýurda bar,
küşgürerler dogan, dosty-duşmanyň,
hakyna tutulan ýa-da mugtuna,
işleýän kän bolar garşyňa her gün,
ýatyrmajak bolup bir gije süýji,
KGB-niň eli uzyn mydama,
çünki özün iýip, egsilmez güýji,
arasynda ili iýer ýadaman.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024