Goja dünýä
Uzatmagyl her näkese tiliňni! Magtymguly
Üýtgeşiklik diýip, üýtgetjek diýip,
gelip biler biri, goldanyp biler,
arkasynda millet, belki-de, dünýä,
ýagşy umyt eder, aldanar adam,
sebäbi köp kişi bilýär, düşünýär,
deňsizlik çen-çakdan çykdy, ulaldy,
düşüner, düşünmez barçany aldy,
ýesir etdi, ýykdy aýak astyna,
dogany doganyň salyp kastyna,
emma üýtgeşiklik bolmaýar aňsat,
gelmeýär ol, görünmeýär golaýda,
çünki duza gaçan şor bolýar hökman,
bu dünýe duz, sylamaýar hiç kimi,
bagty gelen biraz saklanýar, dogry,
belki, uzak gidýär dogrudan ogry,
ýa ahlaksyz, ikiýüzli, ýalançy
has ýeňil ýaşaýar, geçinýär gowy,
wada berýär gerek bolsa her kime,
gowy bolar diýýär, ynanýar millet,
ol öz gezegini geçirýär, gidýär,
elbetde, jübüsi köpüräk pully,
yzdan gelen berýär başgarak wada,
oýun dowam edýär goja dünýäde.