Başga dünýä

Dogry sözlä dost bolmaýan hiç haçan,
kowýan ony dokuz obadan daşlap,
düşewüntli orun diýýän, iş diýýän
ogurlanýan ýere, alynýan ýere,
öýe her gün çilip gelinýän ýere,
ýetimiň, ýesiriň, naçaryň hakyn,
a soň para berip, Mekge-Medinä
haja gidýän ärler akylly senden,
edenli senden,
hem gerekli dogan-gardaş, ýakyna,
sebäbi kömegi, haýry ýetýärmiş,
a sen ýazan bolýaň, ýanan bolýarsyň,
kömegiň az yzda galan garyba,
belki, özüň gaýgy özüňe günde,
durjak bolup gara ganym öňünde,
açgözlük diýilýän, dünýänni iýýän,
hem hiç kime hiç bir sözüň ýokmajak,
sen näme diýýärsiň, men näme diýýän?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024