Iman krizisi

Olar metjit baryn gurdular birden,
biri-birinden kaşaň,
minaraly, haýbatly,
ozal ýeke metjit galmadyk ýurtda,
ateizm moda bolan,
arak-şerap akan suw bolup toýda,
içmedigi ile-güne sygdyrman,
utandyran boldy molla ýa işan,
gurdular kän köşki-eýwan,
maslahat zallaryn, giňiş, owadan,
el çarpyşyk – bagtdan nyşan;
ofisleri biri-birinden uly,
kellesiz emeldar bol bolar ýaly,
ak öýleri, otelleri gurdular,
pul döküp, seçeläp, ogurlap biraz,
uçar menzillerin myhmansyz ýurtda,
öz ilaty gaçýan tapan ýerine,
daýhany gallasyz,
maldary gallaç,
mugallym aç,
lukmanlar aç,
a TW-de diňe ýalan sözlenýär,
olar metjit baryn gurdular birden,
emma iman diňe puldan gözlenýär.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024