Kömek kynçylygy

Söz manysyn aňmaz adam/Bir guruksyz ite meňzär. Magtymguly

Çagasyna gorkaklygy öwredýän
ürkekligi öwredýän,
yza çekilmegi öwredýän ile,
iki bükülmegi öwredýän ile,
okamagy öwretmeýän,
öwretmeýän öwrenmegi, bilmegi,
özüň tanap, öz ornuňda ölmegi,
erteki otarýan hudaý bar diýip,
alla tabşyr diýip urup-ýenjeni,
hakyňy iýeni hökümet bolup,
diňe pursatparaz millete, tirä,
taňryly däl, diňe adamtaňryly,
taýagy sylaýan, daşy sylaýan,
emel ýeten görse, iň güler ýüzli,
diýmedimmi diýýän ölse çyn sözli,
türmede ýa ýat illerde kösenip,
ýeňles aýdymlary, goşgyny söýýän,
ogurlyk sazlary çöreksiz iýýän,
döwlet ogrusyna atam jan diýýän,
özi öz-özüne gerek däl ile,
durmuşy durmuş däl, oýun hem hile,
buýrulsa ýokardan ekýän we dikýän,
bergili çyksa-da ýylyň-ýylyna,
alkyş aýdýan saçagy boş halyna,
ýa mugtuna işläp, öndürýän pile,
hudaý dek çokunýan dadymlyk pula,
nädip kömek etjek isleseň hatda,
ömrün kül edýäne gepde-gybatda?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024