Işlän bolýan adam
Biz işlän bolýarys, döwlet hak tölän bolýar. Sowet nakyly
Onuň iş otagy giň hemem ýagty,
stoly, kürsüsi ynam döredýär,
ýalpyldysy göze düşýär diýmeseň,
hem üstünde ýa başynda stoluň
ähli zat bar gerek ýa-da bigerek,
iň esasy zatdan, talantdan başga,
adam işlän bolýar ýasama, ýalan,
akyl-parasatdan, iş-güýçden daşda.