Özüne kesekiler

Ozalky ateist hudaýhon bolsa,
ýa kommunist bolsa ýaşuly garrap,
ýa ozalky komsomollar,
ynanasy gelen partiýa örän,
gözün ýumup ykbalyna
gyrylanyň, sürüleniň Sibire,
sowet mekdebinde ýetişen, dörän,
ak sakgally, silkme telpek başynda,
ýüzi gülýän, gözi gülýän ýalandan,
ogurlyga ýa talaňa gyzmaz hiç,
bigäne, keseki, ýat bolar ile,
hem baş atar jübibaşy ne diýse,
adam özün alyp, taşlanda kisä.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2020