Ogrynyň sadakasy
Alla, hudaý deňsiz bilen deň bolmaz,
geçirimli bolar taňry, ýaradan,
bilýär muny hemme ogry,
bilýär muny barça kezzap,
şondan olar ýetim-ýesir hakyny
gypynç etmän iýýär, toplaýar baýlyk,
mal-dünýäni alyp gider ýalaky,
hem goýmaga ogry-jümri nesline,
bu dünýede ýetişmese sowmaga,
ýöne ogry gorkar käte azajyk,
jenaýatçy gara basyp oýanar,
öldüren ýa namysyny basgylan
adamlary düýşe girse gaharly,
ellerine çarşak, kätmen, pil alyp,
beýle bolsa, sadakajyk bermeli,
satlyk adamlary toplap daşyna,
alla, hudaý bilen goýup arada,
a pukara TW-ä bakar üýşenip,
eklenç etjek bolup dara-direde.