Süýde siňe seretseň

Ýazyjymyş, şahyrmyşyn o bende,
halkyň hukuklaryn goraýarmyşyn,
gapyl galan milletini ýüz ýyllap,
oýarjakmyş gaflatyndan gujaklan,
gözüni, aňyny açjak bolýarmyş,
durar ýaly aýagynyň üstünde,
dyzynda ýa emedekläp ýaşaman,
gör, nähili gowy arzuw-niýetler,
emma süýde siňe baksaň, gan görner,
ogry döwlet başynda ýa aşakda,
garşysynda durýar, kösenýär her gün,
ogurlanýan ýere golaýlap bilmän,
özüni ýa ilin tanasa adam,
walla, günde ölüp ýörmese ölmän.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024