Dymanyň haly
Olaryň hemmesi bilýär ýagdaýy,
şäherli ýa obalynyň parhy ýok,
Hytaýyň ýa Hindistanyň halky däl,
tanaýarlar bir-birini ýüzünden,
atlaryny, tirelerin bilýärler,
kim ýykylsa, hezil edip gülýärler.
Urulmakdan, çapylmakdan çykmady,
Garaguma gaçyp, gutarman galdy,
köpelmedi, ölmän galdy diýmeseň,
hemem mydam çaga ýaly çyrçykly,
akly, aňy ýetişmedi kän zada,
ýöne içlerinden çykyp birleri,
bagty gelip, döwlet boldy,
emma onuň başynda
oturmaga mynasyp,
dogry sözli ärleri ýok,
ogrular bar hatar-hatar,
biri gitse, beýlekisi
tüpeň tapsa, ilin atar.
Olaryň hemmesi bilýär ýagdaýy,
okuw näme boldy, iş näme boldy,
kanun ýa-da kada nämä öwrüldi,
hakykaty gözlän nä güne düşýär,
kim-kimleriň ýakan oduna bişýär,
gürläne diýýärler dälimi-tentek,
gürlemeýän doly kileň,
hemmejesi öňden görýän, köpbilmiş,
dymýarlar agzyna suw alan ýaly,
şonuň üçin gelen, duran ýerini,
ýa-da halyn, ahwalyny geň görmäň,
dagy näme bolsun dymanyň haly?