Döwlet we sen

Sen hökümet näme, näme döwletiň,
özün arşdan asan sowetlerden soň,
il arkasy, howandary diýilýän,
düşünersiň türmesine gireňde,
hem görersiň kanun ýa-da adalat
näme bilen ýa-da nädip iýilýär?

Sudunda bilersiň döwletiň näme,
ýa nirede durandygyn,
hem iliňi ýalkanyn däl hudaýyň,
iki el bilen urandygyn.

Sen öz döwletiňi tanarsyň ahyr,
ulalyp-oňalman owalda-başda,
ol saňa iň soňky sapagyn berer,
öwredip bar zady kanundan başga.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024