Wagt we bagt

Seniň ýüzüň iki maňa,
meniň ýüzüm iki saňa,
seniň sözüň iki maňa,
meniň sözüm iki saňa,
sebäbi sen bilýärsiň,
men seň diýýän adamyň däl,
hem men bilýän, düşünýärin,
men seň diýýän adamyň däl,
seniň wagtyň bolmaz maňa,
dökmäge içiň, ýüregiň,
meniň wagtym bolmaz saňa,
açmaga ýapyk ýüregim,
hem bilýäris ikimiz-de,
degmez wagtyň ýitirenňe,
hem bilýäris geljekde-de
wagt tapmarys bir-birege,
çünk wagt ýok özümize,
hemem diňe biz däl beýle,
nirä jaň et, synan, gürleş,
kimiň kimsä ýokdur wagty,
ýatan ýaly dünýäň bagty...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024