Surat

Diktatura sapagy

Milletiňi beýgeltjek däl, kiçeltjek,
ýykjak bolsaň, ýanbaşyňa mündürip,
Garagumda tapyp iň takyr ýeri,
gaty ýeri, galmaz ýaly,
meger, mundan aňsady ýok, okamaz,
oýlanmaz hem bilmez ýaly etmeli,
öwretmeli ýylgyrmagy ýalandan,
uzagyndan gülmez ýaly etmeli,
aldamaly ertir-agşam aýdym-saz,
ýalan-ýaşryk gürrüň edip, gaýtalap,
iň manysyz, iň süwümsiz sözleri,
diregi ýok, delili ýok hiç ýerde,
halkyň huşy kelte bolýar, düşer ol
seniň guran duzagyňa ap-aňsat,
hemem hoşal bolar gelen ýerine,
çukur bolsa, depe diýip buýsanar,
hapa bolsa, diýer tämiz, arassa,
eger il-günüňi ýok etjek bolsaň,
pul döküp, etmeli ruhy hassa.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024