Bagt ýa-da betbagtlyk
"Adalatly Orsýet" partiýasyndan Ýakutiýanyň Döwlet mejlisine saýlanan Sulustaana Myraan W.Putiniň teklip eden konstitusiýa düzedişlerine garşy ses berip, öz deputatlyk mandatyny yzyna tabşyrdy.
Iliň bagty gelse ýa-da
bagty ýatan bolsa öňräk,
ýüz elli ýa kyrk milýondan birisi,
deputat saýlanan, halkyň wekili,
jübidäki parlamentiň agzasy,
gaýrat tapýar ahyr sözün diýmäge,
dildäki däl, ýürekdäki,
mugt aýlykdan ýa-da adamy mydam
adamda ýok edýän ýalan sylagdan
elin çekýär, yza çekilýär bir gün,
ýa öňünde durýar başyn dik tutup,
döwlet maşynynyň, tekeri ganly,
diýýär mundan artyk biljek däl eglip,
aşak goýberende millet özüni,
taýagyň sesini eşitmän, döwlüp.