Surat

Intelligentsiýa

Wagtal-wagtal biri turýar-da diýýär:
- Ýok ol näçe bar diýsek-de,
biziň ile gelmedi we gelmez hiç,
ýa-da gelse, kän eglenip bilmez hiç,
başyny dik tutup, saklanmaz uzak,
aýdylan-a, duza gaçan şor bolar,
bize gelen bize meňzär azda-kän,
her diplomly, penjek geýen egnine
intelligent diýseň, ulus-il güler,
ýok, ol bizde bolmady we bolmajak,
çünki bolsa, işe gitse sypanyp,
agşam ýadaw öýe gaýdyp gelmejek,
sebäbi kän diplom alan çen-çakdan,
hemem näme intelligent, beýleki,
ömür-ahyr aň ýetirip bilmejek.

Bar ol, belki, ýarym-ýalta elmydam,
ýa-da boldy, bolar ýene hemişe,
o bolmasa, Magtymguly bolmazdy,
oragyny oran söz meýdanynyň,
ýa Kemine, hoşa çöplän yzynda,
ýa-da bize nakyl, dessan galmazdy,
diplomsyz, penjeksiz ata-babadan,
enelerden, eli kesewi bolan,
gelmezdi bu güne milletiň sazy,
özbaşyna ýurdy bolmazdy, belki,
ýöne soňky ýyllar köp boldy okan,
ýa köp bilýän innteligent köpeldi,
hemem gysdy iň gowusyn dar ýere,
bir başyndan, birde bilden aşakdan,
gapdalyndan, sagdan, solundan çakan,
başarsa gaçyran dyzdan ysgynyn,
giň dünýäni bir-birinden gysganyp,
ýykylana kömek etmäge derek,
uzatmaga derek elin entäne,
ýa-da bugdaý söze derek iň bolman,
bahyllykdan, gep-gybatdan saklanýan,
garşy durýan göni gelen töhmete,
diňe özi, maşgalasy üçin däl,
islendik adamyň namysy üçin,
aýalyň, erkegiň tapawudy ýok,
soldurmazlyk üçin gyzyl ýüzüni,
hatda duşmanynyň, karam oýunda
oýnamazlyk üçin bilmedik bolup,
bizde intelligent boldy, bolmaly,
o bolmasa, ýarym-ýalta,
ýalan hakykatyň bolup gul-guly,
ýoklugyndan däl-de onuň,
belki, örän köplüginden öleris,
hemem onda özümize güleris.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024