Delfinler we sen

Delfinler dek, birin ýumup uklaňda,
gözleriň birini açyp ýatmaly,
a soňundan dynç bermeli beýlekä
diýseler, näderdiň adam?
Dogry, seňki aňsat bolmady, bolmaz,
ýöne şükür, ýatýaň ýadap,
dynjyň alyp bilýäň gijeler biraz,
dowam edip bilýäň barýan ýoluňy,
her gün irden turup, çaýyňy içip,
hemem bilýäň ýetjek bolsaň menzile,
bolmanynda togtap galmajak bolsaň,
delfinler dek diňe ýeke gözüň däl,
birisinde uklap, birinde oýa,
görmek üçin ýetip gelýän belany,
sen köp zada iki gözüň ýummaly,
ýagny, görüp, görmän almaly many.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024