Öz aýagyň üstünde dur

Şir awuny ogurlaýan köp bolup,
syrtlan sürüsine girmejek bolsaň,
öz aýagyň üstünde dur hemişe,
öwren ony ömrüň boýy, her günde,
hemem öwret öwrenjege, kim bolsun,
öwretme sen ýaşynmagy hiç kime,
ýapja bolup ýaşamagy öwretme,
ne adama, ne partiýa, ne tirä,
ýa millete, döwlet bilen,
baglamasyn bar umydyn hiç kimse,
ýa hudaýa, barmy ýa ýok,
ynansa ynansyn, emma
garaşmasyn uly zada,
eger boljak bolsa adam,
sözüň doly manysynda,
göreldesin görkez ýaşamaň, ölmäň,
hiç kim durmaz arkaňda diý,
eneň-ataň, doganlaryň,
dosty-ýaryň, kärdeşler ýa,
bir bahana ýa-da sebäp tapylar,
ýykylarsyň eger durmasaň özüň,
hem galarsyň şol ýykylan ýeriňde,
eýdip-beýdip ýerden turmasaň özüň,
diňleme hiç bor-bolgusyz gepleri,
aldamasyn diýseň özüňden egsik,
kim-kimiň ardynda busup,
öz aýagyň üstünde dur ýa-da öl,
ýal ýagysy bolma susup.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024