Dünýäniň iki aýyby

Durmuş seni ýanbaşyna mündürip,
takyr ýere ýa-da dagyň daşyna,
gyýçak-gyýçak gaýalara uranda,
ilki bilen dogan-gardaş tanadar,
aýallary doganlaryň,
dilin-başyn çeýnäp, gülüp, ýaňsylap,
a soňundan dosty-ýaryň, kärdeşiň,
döwletiň terrory bahana diňe,
olar saňa açar hakyky ýüzün,
şo wagta çen ýeň astynda ýaşyran,
ýa ýaşyran gülen gözleri bilen,
ýa ýag ýaly ýalan sözleri bilen,
sebäbi pikir ýa umyt ederler,
gutardy bu, galmaz ýerinden diýip,
azyndan bir sanaç duzuňy iýip,
emma hudaý bolsun etse, turarsyyň,
dikelersiň gara gumuň içinden,
kakarsyň üstüňi, tozan-kirşeniň,
ylgap geler öňki ýüzün öwüren,
gyşyk gürrüň eden otursa, tursa,
hem elini ýa-da gözlerin serer,
näme berseň aljak, kömege mätäç,
bu dünýäniň bir aýyby dok bolsa,
beýlekisi – ruhy aç.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024