Gahary geleniň teklibi
Adamyň gahary gelipdir biraz,
hüňürdedi, käýindi:
Eger-de biz galjak bolsak gutarman,
ýa ýaşajak bolsak özgeler ýaly,
adymyzy üýtgetmeli,
türkmen, türkmen, türkmen diýmäge derek,
türksen, türksen, türksen diýmeli günde,
Türksenistan edip ýurduň adyny,
ýogsa men-men heläk etjek, görýäňiz,
onda-da men, munda-da men,
men-men ýeke-täk, ýeke-täk,
meniň ýaly irde-giçde
dogulan ýok, ölen ýok,
bolmalyň-a beýle gülki,
galamalyň-a beýle pak!