Hyýal we hakykat
Sen milleti hala goýun-geçi bil,
hala goç bil öz-özüňi ýeke-täk,
başyn çekjek süri bolan mähelläň,
taýagyň öňünde uly ýa kiçi,
çopan nirä kowsa, gidýän eglenmän,
hem akyl sat gökden asyp özüňi,
pikirlenip bilýän, oýlanyp bilýän,
ýa-da ikiň biri, belki,
elinden iş gelen, gelýän,
dünýäni düzetjek, düzedip bolsa,
adamlary gyzykdyrmaz, güldürer,
özün bilmez, ilin bilmez üznüksiz,
bir, iki däl, on, ýigrimi ýa-da ýüz,
il öňüni çekjek bolsa emgenmän,
hem özüni, hemem ilin öldürer.
Adamlaryň aglabasyn, köplügin,
seniň ýagşy-ýaman päliň, niýetiň,
ýa namäni nähili we kim bilen,
haçan, nirde nädip etjek-petjegiň,
baý bolanyň, beg bolanyň bir zaman,
ýa-da garma-gürmelikde çileniň,
ýa çilmäniň gyzykdyrmaz,
diliňe seretmez adamlar, çünki,
serederler eliňe kän,
ýa güýjüňe, iş edýänler
işin eder, gürrüň etmez,
işin eden akla ýa göm,
öler, emma diri ýitmez!